“Rysgal” banky QR-kod arkaly nagt däl tölegleriň hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rysgal” banky QR-kod arkaly nagt däl tölegleriň hyzmatyny hödürleýär
QR-kod – bu iki ölçegli ştrih-kod (ýa-da bar-kod) bolup, ol smartfonyň ýa-da planşetiň kömegi bilen skanirlenende ulanyja çalt maglumat berýär.

“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky (PTB) QR-kod arkaly tölegleriň çalt hasaplaşylýan ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bu barada “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Bankyň plastik kartlar boýunça bölüminiň müdiri Öwezmyrat Muhamedorazowyň gürrüň berşi ýaly, QR-kod – bu iki ölçegli ştrih-kod (ýa-da bar-kod) bolup, ol smartfonyň ýa-da planşetiň kömegi bilen skanirlenende ulanyja çalt maglumat berýär.

“Häzirki wagtda QR-kod ulgamy ykjam tehnologiýalaryň işjeň ösmegi sebäpli dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýakyn wagtda bu ulgam Türkmenistanda hem giňden ýaýrar. Bank töleg ulgamyna giňişleýin girizmek üçin täze ulgam dürli ugurlarda synagdan geçip, taslama doly ygtybarlylygyny görkezdi” diýip, O.Muhamedorazow belledi.

“Rysgal” bankynda gürrüň berişleri ýaly, QR-kodunyň kömegi bilen töleg ulgamynyň peýdalanylmagy bank hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrar, müşderilere hyzmat edilişiniň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Söwda kärhanalary we banklar POS terminallaryny we bank kartlaryny satyn almak üçin çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik alýar.

QR-kod (iňlis dilinden Quick Response Code – dessin jogap berýän kod) 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň “Denso” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan döredildi.

2022