Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň hem-de ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradzeniň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de 2021-nji maliýe ýyly üçin Türkmenistanyň täzelenen “Ýol kartasy” boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tekliplere garaldy.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekdäki gyzyklanmasyny, ýurduň bu ulgamda bar bolan oňyn tejribesini belläp, taraplar ABŞ hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň “С5+1” görnüşiniň çäklerinde bu ugurdaky tagallalaryň birleşdirilmegi babatda tekliplerini aýtdylar.
W.Hajyýew N.Nadiradzeni USAID-iň Türkmenistandaky wekili wezipesine girişmegi bilen gutlap, bu wezipede üstünlikleri arzuw etdi.