Türkmenistan we Astrahan oblasty ikitaraplaýyn haryt dolanşygyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Astrahan oblasty ikitaraplaýyn haryt dolanşygyny artdyrýar
Taraplar ykdysady taýdan bähbitli bolan deňiz gatnawlaryny ýola goýmak arkaly ikitaraplaýyn haryt dolanşygyny artdyrmak mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsuly Güýç Garaýew penşenbe güni “Astrahan söwda-senagat edarasy” Birleşmesiniň prezidenti Tatýana Şateýewa bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda esasan-da ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, şol sanda işewürler toparlarynyň derejesinde ösdürmek meselelerine garaldy. Şeýle hem telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiň onlaýn mejlisini geçirmegiň mümkinçilikeri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda T.Şateýewa Astrahan tarapynyň Türkmenistandan dokma önümleriniň hem-de beýleki senagat önümleriniň getirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, Russiýanyň bu sebitiniň hem öz gezeginde Türkmenistana un hem-de galla önümlerini eksport etmäge taýýardygyny aýtdy.

Astrahan oblasty bilen gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistan bilen Russiýanyň strategiki hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň biridir diýip, G.Garaýew belledi.

Şeýle hem taraplar ykdysady taýdan bähbitli bolan deňiz gatnawlaryny ýola goýmak arkaly ikitaraplaýyn haryt dolanşygyny artdyrmak mümkinçiliklerine garadylar.

2022