Türkmenistanda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Halk Maslahatynyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça wekilleri welaýatlaryň Ruhyýet köşklerinde, Ahal welaýaty boýunça “Ak öý” binasynda, Aşgabat şäheri boýunça “Mekan” köşgünde ýygnandylar.

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Şu ýyl mejlis wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi diýip, TDH agentligi habar berýär.

Halk Maslahatynyň gün tertibine döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri, şol sanda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” Konstitusion Kanuny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Bu Kanun ara alnyp maslahatlaşylandan soňra Mejlis tarapyndan kabul edildi we Döwlet Baştutanymyz oňa gol çekdi.

Hormatly  Prezidentimiz öz çykyşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy ähli döwletleriň ykdysadyýetine oňaýsyz täsirini ýetirendigini belläp, dünýäde çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlerine garamazdan Türkmenistan öz ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanandygyny we maliýe serişdeleriniň agramly böleginiň goruny saklamagy başarandygyny belledi.

Döwlet býudjetiniň 70 göterimden gowragy durmuş ugruna gönükdirilýär. Obalarda, şäherçelerde, etrap şäherlerinde hem-de etrap merkezlerinde ilatyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Biz geljekde-de Döwlet býudjetiniň hasabyna maýyplar hem-de goldawa mätäç raýatlarymyz üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen bir hatarda milli Liderimiz ykdysadyýetiň önümçilik pudagyna gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmagyň, kiçi göwrümli önümçiligi höweslendirmegiň, raýatlar üçin maliýe-karz serişdelerini artdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz Döwlet býudjetinden bölünip berilýän pul serişdeleriniň aglaba bölegi bilim, saglygy goraýyş we Pensiýa gaznasyna gönükdiriljekdigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça wekilleri welaýatlaryň Ruhyýet köşklerinde, Ahal welaýaty boýunça “Ak öý” binasynda, Aşgabat şäheri boýunça “Mekan” köşgünde ýygnandylar.

Mejlise Türkmenistanyň Hökümet agzalary, Mejlisiň başlygy we deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, şeýle hem halk maslahatlarynyň agzalary, kärhanalaryň, edaralaryň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular, eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022