Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işi barada

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň işi barada
Milli Geňeş kanunçykaryjy häkimiýet bolup, ol iki palatadan – Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

Türkmenistanda 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň barşynda kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, ýurtda iki palataly parlament dörediler.

Türkmenistanyň täze parlamentiniň işi nähili guralar?

Türkmenistanyň Esasy Kanunyna (Konstitusiýa) laýyklykda, iki palataly täze parlament Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrylar. Bu Geňeş kanunçykaryjy häkimiýet bolup, ol iki palatadan – Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr. Ozal Halk Maslahaty “ýokary wekilçilikli edarady”, Mejlis bolsa parlamentdi.

Halk Maslahaty 56 wekilden ybarat bolup, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz wekil agza bolup girýär. Agzalar welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar, eger ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa.

Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanýarlar. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Şol bir adam bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň agzasy we deputaty bolup bilmez.

Palatalaryň alyp barýan işleri nämeden ybaratdyr?

Halk Maslahaty Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullaýar ýa-da ret edýär; Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garaýar; ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär; Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär; Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar; Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar; Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözýär; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar; Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Mejlis Türkmenistanyň Milli Geňeşine girizilen Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garaýar we kabul edýär, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar; Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar; Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar; döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar; Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar; döwlet sylaglaryny döredýär; halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar; Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözýär; döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär; Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2021-nji ýylyň mart aýynda geçirmek bellendi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna çenli saklanyp galýar. Mejlisiň deputatlarynyň soňky saýlawlary 2018-nji ýylda geçirildi, olar bäş ýyl möhlet bilen saýlanylýar.

Türkmenistanyň Konstitusion kanuny 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilýär.

Çeşme: “ORIENT.tm”