Türkmenistan Tatarystan bilen gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Tatarystan bilen gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
"Rowaç" atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hem-de “Deňiz söwda floty” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri Albert Karimowyň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi.

Tatarystanyň Senagat we söwda ministrligi sişenbe güni habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar ikinji “А-145Е” kysymly ýokary tizlikli ýolagçy gämisiniň gurluşygyny hem-de derýa läbik sorujylarynyň iki görnüşiniň (dizel ýangyjynda we elektrik togunda hereket edýän) bilelikde gurmak işlerini gurnamagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçen ýylyň awgustynda Awazada geçirilen Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we ““Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de ““Ak bars” gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

Mundan başga-da, birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda Tatarystanda öndürilen “A-145” kysymly 126 ýolagça niýetlenen ýokary tizlikli gämi Türkmenistana getirildi. Häzirki wagtda bu ýolagçy gämisi Türkmenbaşy-Gyzylsuw hem-de Türkmenbaşy-Hazar aralygynda gatnawlary ýerine ýetirýär.

2022