SPEKA döwletleri pandemiýa döwründe ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
SPEKA döwletleri pandemiýa döwründe ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Sebitleýin dialogyň barşynda koronawirus pandemiýasy döwründe ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gaýragoýulmasyz meseleleriniň ençemesine seredildi.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy, onuň sebitleýin komissiýalary we ýöriteleşdirilen degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda sişenbe güni göni wideoaragatnaşyk arkaly “COVID-19 döwründe SPEKA sebitinde we onuň çäginden daşarda ulaglaryň baglanşyklylygynyň pugtalandyrylmagy” atly Sebitleýin dialog geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, Sebitleýin dialogyň barşynda koronawirus pandemiýasy döwründe ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň gaýragoýulmasyz meseleleriniň ençemesine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky maslahata gatnaşan halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we döwletleriň ýokary derejeli wekiliýetleri halkara ulag geçelgeleriniň netijeli hereketini ýokarlandyrylmagynyň, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň emele getirilmegine we ösdürilmegine gatnaşýan döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň hereketlerini işjeňleşdirilmeginiň meselelerinde halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Häzirki döwrüň wajyplygynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar ulag ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýlarda işlemegini üpjün edýän täze halkara-hukuk gurallarynyň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyna üns çekdiler.

Mundan başga-da, maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýokarda agzalan hem-de beýleki derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdi babatynda özarahereketleriň ösdürilmegi boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler.

Wideomaslahata BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamana, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Ösüş maksatlarynda işleri utgaşdyrmak boýunça Müdirliginiň ýolbaşçylary we jogapkär wekilleri, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň jemgyýetçilik işleri ministri, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ulag ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar.

2022