Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) baş direktory Odri Azulaýnyň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler, bilim, ylym, maglumat işleri, suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi., milli we dünýä gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň öňe ilerledilmegine Türkmenistanyň ygrarlydygy bellenildi.
Soňky ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijelerini seljerip, taraplar özara hereketleriň hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine garadylar. Türkmenistanyň ýakyn geljekde bu guramanyň birnäçe möhüm konwensiýasyna goşulyşmagy baradaky gyzyklanmasy hem beýan edildi.
Mundan başga-da, türkmen tarapy medeniýetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam berjek ÝUNESKO-nyň sungat şäherleri toruna goşulmagy meýilleşdirýär.