Türkmenistan – Owganystan: bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek işjeňleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan – Owganystan: bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek işjeňleşdirilýär
Gol çekilen resminamalar bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň wekiliýeti çarşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda resminamalara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu resminamalar bilelikdäki düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demir ýollaryň gurluşygyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “TAPI Pipeline Company Ltd.” we “Afgan Gaz Enterprise” edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen “Afgan Wireless” aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama; Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri baradaky Ylalaşyk bardyr.

Bellenilişi ýaly, bu waka Owganystanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk hem işjeň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm ädim boldy.

Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, hökümet agzalary, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem taslamalaryň durmuşa geçirilmegine dahylly halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýl hem çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022