ÝTÖB pandemiýa sebäpli Merkezi Aziýa döwletleri üçin JIÖ-iň peselmegini çaklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB pandemiýa sebäpli Merkezi Aziýa döwletleri üçin JIÖ-iň peselmegini çaklaýar
ÝTÖB-niň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda umuman sebitiň JIÖ 3,3% peseler, 2021-nji ýylda bolsa 3,3% ýokarlanar.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) dünýä ykdysadyýetiniň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri üçin ykdysady ösüş depgininiň peselmegini çaklady. Bu barada bankyň çaklamalaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berdi.

ÝTÖB-niň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2020-nji ýylda umuman sebitiň JIÖ 3,3% peseler, 2021-nji ýylda bolsa 3,3% ýokarlanar. Ozal Merkezi Aziýa döwletleriniň JIÖ-niň umumy möçberi şu ýyl 1,2% peseljekdigi, 2021-nji ýylda bolsa 5,8% ýokarlanjakdygy çaklanylýardy.

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüş depgini ýyllyk hasabynda ortaça 0,6% peseldi diýip, ÝTÖB-de aýdylýar.

Bilermenleriň çaklaýşy ýaly, Gyrgyzystanyň ykdysadyýeti has-da kynçylyk çekmegi mümkin. Gazagystan Milli gaznasyndan maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeginiň hasabyna kiçi göwrümli çökgünlige girdi.

“Türkmenistan öz gezeginde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda JIÖ-iň durnukly ösüşi barada habar berdi. Täjigistanyň we Özbegistanyň ykdysady ösüşi haýallady, emma oba hojalyk önümeleriniň hem-de gymmat bahaly metallaryň eksportynyň hasabyna olar ösüş depginini sakladylar” diýip, bankyň beýanatynda aýdylýar.

Şunuň bilen birlikde ÝTÖB-de bellenilişi ýaly, bankyň soňky çaklamalarynda näbellilik häsiýetler bardyr. Bu ýerde hökümetleriň çäklendirmeleri gaýtadan girizmegi ýa-da girizmezligi möhüm orny eýeläp biler.

2022