Aşgabatda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi geçirildi
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilkinji gül çemeni 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde şehit bolanlaryň ýadygärligine goýuldy.

Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi geçirildi diýip, “ORIENT.tm” sişenbe güni habar berdi.

Bu gün türkmen halky 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda bolan elhenç ýertitremesinde şehit bolanlary, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hem-de Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary ýatlaýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýadygärlikler toplumynda geçen gul goýmak çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilkinji gül çemeni 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde şehit bolanlaryň ýadygärligine goýuldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gökdepe galasynda hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlary hem hatyrlady.

Gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Hökümetiniň, Mejlisiň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il ýaşulylary we Aşgabadyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

2022