“Gazprom” 2020-nji ýylda türkmen gazynyň importyny artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” 2020-nji ýylda türkmen gazynyň importyny artdyrdy
Umuman, “Gazprom”-yň ýarym ýylda Merkezi Aziýadan satyn alan gazy 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aralygynda 9,9 mlrd. kubmetrden 5,8 mlrd. kubmetre çenli peseldi.

“Gazprom” 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda türkmen gazynyň satyn alyş möçberini ýokarlandyrdy.

“Интерфакса” habar agentliginiň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kompaniýa şu ýylyň alty aýynda 1,7 mlrd. kubmetr türkmen gazyny satyn aldy. Bu görkeziji geçen ýylyň (1,2 mlrd. kubmetr) degişli döwri bilen deňeşdirilende 500 mln. ýokary boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Gazprom” Gazagystandan gazyň satyn alyş möçberini şu ýylyň birinji ýarymynda 5,4 mlrd. kub metrden 4,1 mlrd. kub metre çenli peseltdi. Şeýle-de kompaniýa 2019-njy ýylda Özbegistandan 7,6 mlrd. kubmetr gaz satyn alan bolsa, şu ýylyň birinji ýarymynda (iýun aýynyň ahyryna çenli) özbek gazyny satyn almagy togtatdy.

Umuman, “Gazprom”-yň ýarym ýylda Merkezi Aziýadan satyn alan gazy 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aralygynda 9,9 mlrd. kubmetrden 5,8 mlrd. kubmetre çenli peseldi.

Mundan başga-da “LUKOÝL” kompaniýasy Özbegistanda 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde gaz çykarylyşynyň peselendigini belledi. Şu ýylyň iýun aýynda kompaniýanyň gaz çykaryşy 40% çenli peseldi, awgust aýynda kompaniýa taslamalarynyň birinde gaz çykarylyşy bes edip, özbek gazynyň Hytaýa eksportyny duruzdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022