Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli öz gutlagyny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen-russiýa strategik we dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge Prezident Wladimir Putiniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.
“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.