Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda Döwlet migrasiýa gullugynyň täze ýolbaşçysy hem-de “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň orunbasary bellendi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutany Mergen Gurdowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz bu wezipä Bekmyrat Öwezowy belläp, ony gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Yslam Artykowy Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Güýçmyrat Berdiýewi belledi. Şeýle hem ikinji derejeli ýurist Hangeldi Annabaýewi Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary şäheriniň prokurory wezipesine bellendi.
Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň, Türkmenabat şäheriniň kazyýetiniň, Lebap welaýatynyň Farap etrap kazyýetiniň, Mary şäher kazyýetiniň kazylary bellendi.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň prokurorlarynyň täze orunbasarlary, Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynyň, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Mary etrabynyň täze prokurorlary bellenildi.