Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda nämeler bolmaly?
“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda şular bolmalydyr:
- paýly gurluşygyň obýekti ýerleşýän ýaşaýyş jaýynyň ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ýerleşýän ýeri we ady;
- ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmeginiň möhletleri;
- paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy;
- taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;
- paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň möçberi we töleniş möhletleri, şeýle hem paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy bozulan mahalynda, paýçynyň pul serişdelerini yzyna gaýtarmagynyň şertleri we tertibi;
- gurujyda (potratçyda) gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnamasynyň bardygy hakynda maglumatlar;
- paýly gurluşygyň obýektiniň hiliniň kepilligi;
- taraplaryň rekwizitleri.
Aýry-aýry halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň mazmunyna başga talaplar hem bellenilip bilner.
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylmagy we bellige alynmagy nähili amala aşyrylýar?
Gurujy paýçy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna ýa-da oňa goşmaça ylalaşyga gol çekilen gününden 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda ygtyýarlyk berlen edara olaryň “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelýändiginiň barlanylmagy üçin agzalan şertnamanyň ýa-da goşmaça ylalaşygyň bäş nusgalygyny, şeýle hem taslama beýannamasyny berýär. Ygtyýarlyk berlen edara paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna ýa-da onuň goşmaça ylalaşygyna on iş gününiň dowamynda seredýär we paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy agzalan talaplara gabat gelmedik halatynda ýa-da goşmaça ylalaşyk bilen paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň arasynda çaprazlyklar ýüze çykarylan halatynda, gabat gelmezlikleri we (ýa-da) çaprazlyklary aýyrmak üçin olary guruja gaýtarýar.
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bildirilýän talaplara laýyk gelende ýa-da goşmaça ylalaşyk bilen paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň arasynda çaprazlyklar bolmadyk mahalynda, şertnamanyň ýa-da goşmaça ylalaşygyň her bir nusgalygynda ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan “Seredildi” diýlen belgisi bolan möhürçe goýulýar.
“Seredildi” belgili paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy we oňa goşulýan goşmaça ylalaşyk kepillendiriş taýdan tassyklanylmaga degişlidir.
Çeşme: “Rysgal” gazeti, 12.10.2020