Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň howandarlygynda Guramanyň agza döwletleriniň korrupsiýanyň öňüni almakda hem-de oňa garşy göreşde sanly tehnologiýalary ulanyş tejribesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen üç günlük onlaýn-okuw maslahaty geçirilýär. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.
12-nji oktýabrda başlanan okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Mejlisiniň, maliýe institutlarynyň we beýleki degişli pudak edaralarynyň wekilleri korrupsiýanyň töwekgelçiliklerini peseltmekde, jenaýatçylykly halkanyň aragatnaşyklaryny öwrenmekde we yzarlamakda hem-de degişli düzümleriň arasynda maglumatlaryň dessine alşylmagyny üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara bilermenler çärä gatnaşyjylara aýdyňlyga, hasabata, öňüni alyş anyklama we ahlakly hereketlere ünsi çekip, korrupsiýa garşy göreşde maglumat tehnologiýalary (IT) ulanmagyň mümkinçilikleri we gerimi barada gürrüň berdiler.
Maslahata gatnaşyjylar korrupsiýa garşy göreşde maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň aýratynlyklary we korrupsiýa garşy strategiýalary durmuşa geçirmekde IT-niň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Çäräniň barşynda derňew taktikasy we korrupsiýa işleriniň “sanly yzlary” hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, gatnaşyjylar korrupsiýanyň öňüni almak üçin iň täsirli gurallaryň biri hökmünde emeli aňyň peýdalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.