Türkmenistan we Perm ülkesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Perm ülkesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Perm ülkesiniň işewür toparlarynyň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Perm ülkesine bolan iş saparynyň dowamynda sebitiň gubernatory Dmitriý Mahonin bilen duşuşyk geçirdi.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Russiýanyň iri sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak – bu ýurt bilen köpmaksatly gatnaşyklary ösdürmekde geljegi uly ugurlaryň biridir.

Perm ülkesiniň gubernatory Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini belledi. Ine, 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aralygynda haryt dolanşygy 77% ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda, Perm ülkesiniň işewür toparlarynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirmek teklip edildi.

Mundan başga-da, şol gün Türkmenistanyň Baş konsuly “Perm söwda-senagat edarasy” Birleşiginiň prezidenti Oleg Ždanow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Perm ülkesiniň işewür toparlarynyň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022