Türkmenistanyň Kazan şäherindäki (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Perm ülkesine bolan iş saparynyň dowamynda sebitiň gubernatory Dmitriý Mahonin bilen duşuşyk geçirdi.
“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Russiýanyň iri sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak – bu ýurt bilen köpmaksatly gatnaşyklary ösdürmekde geljegi uly ugurlaryň biridir.
Perm ülkesiniň gubernatory Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini belledi. Ine, 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aralygynda haryt dolanşygy 77% ýokarlandy. Şunuň bilen baglylykda, Perm ülkesiniň işewür toparlarynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirmek teklip edildi.
Mundan başga-da, şol gün Türkmenistanyň Baş konsuly “Perm söwda-senagat edarasy” Birleşiginiň prezidenti Oleg Ždanow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Perm ülkesiniň işewür toparlarynyň arasynda onlaýn gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.