“Merkezi Aziýa+Russiýa”: bilelikdäki Beýannama kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa+Russiýa”: bilelikdäki Beýannama kabul edildi
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda penşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen Daşary işler ministrleriniň üçünji mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, mejlise Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow dagylar gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ministrler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň dowamynda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de durmuş-ykdysady täsirleri ýeňip geçmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurtda pandemiýa garşy durmuşa geçirilýän çäreleri bellemek bilen, bu ugurda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady.

Taraplar Owganystanda dowam edýän ýagdaýy göz öňünde tutup, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler ýewraziýa zolagynda adyl we özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi bilen bagly meselelere seretdiler. Pandemiaýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, oňyn nyrh şertleriniň üpjün edilmegine we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna itergi berjek Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň ulag-logistika ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle-de medeni-ynsanperwer, bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Ýewraziýanyň kalby” başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.

Mejlisiň ahyrynda hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlary boýunça Beýannama kabul edildi.

 
2022