Türkmenistan we Hindistan ykdysady we senagat pudaklarynda gatnaşyklaryny pugtalandyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hindistan ykdysady we senagat pudaklarynda gatnaşyklaryny pugtalandyrar
Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

Şeýle-de iki döwletiň Liderleri amala aşyrylmagy boýunça uly işler alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň örän wajypdygyny bellediler.

Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende, hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy hem teklip etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň gadymy däplerini we baý taryhy mirasynyň bardygyny nygtap, ynsanperwer ulgamda, şol sanda Medeniýet günleri, sergiler, festiwallar, döredijilik alyşmalar ýaly dürli medeni çäreleri geçirmek arkaly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind soňky onýyllyklarda dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.

Milli Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022