“Hindistan–MA” dialogynyň çäklerinde üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hindistan–MA” dialogynyň çäklerinde üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine seredildi
Mejlisiň ahyrynda taraplar Owganystanyň gatnaşmagy bilen “Hindistan–Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerindäki duşuşyklary her ýyl guramak babatynda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni “Hindistan–Merkezi Aziýa” dialogynyň ikinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýan Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar ýörite myhman hökmünde gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda taraplar özara hereketleriň has derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de halkara meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Mejlisde eden çykyşynda ministr R.Meredow sebitleýin howpsuzlygynyň saklanylmagy esasy ugurlarynyň biri bolan “Hindistan – Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyplygyny belläp, howpsuzlyk meseleleri boýunça, hususan-da ýurtlaryň bu ugurdaky bilermenleriniň degişli geňeşmeleriniň we duşuşyklarynyň geçirilmegi arkaly özarahereketleri pugtalandyrmagy teklip etdi.

Şeýle-de ministrler “Hindistan–Merkezi Aziýa” dialogyna Owganystanyň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Olar Owganystanyň ösdürilmegi we ykdysady taýdan dikeldilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň üstaşyr geçiriş we ulag mümkinçilikleriniň ösdürilişine, şol sanda sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar global pandemiýa bilen bagly bolan meseleleri aýratyn ara alyp maslahatlaşdylar we COVID-19 ýokanjyny ýeňip geçmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň epidemiologiki gulluklarynyň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar energetika, gazhimiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy ýaly ulgamlardaky özara hereketlere garadylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmegine, şol sanda MA ýurtlarynyň we Hindistanyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ilerledilmegine gyzyklanma bildirildi.

Ministrler medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki bilim we medeni çäreleriniň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Mejlisiň ahyrynda taraplar Owganystanyň gatnaşmagy bilen “Hindistan–Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerindäki duşuşyklary her ýyl guramak babatynda ylalaşdylar.

2022