Türkmen wekiliýeti Dohada owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Dohada owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyk geçirdi
Taraplar Owganystanyň hem-de onuň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Katar döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet duşenbe güni owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän “Таlyban” hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy we şol bir wagtda düzgünleşdirmegiň diplomatik hem-de syýasy gurallaryň netijeliligine aýratyn ynam bildirmek bilen, ozal öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde gepleşiklere ýardam bermäge hem taýýardyr.

Bellenilişi ýaly, Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin energetikanyň, ulagyň, tebigy serişdeleriň we kommunikasiýalaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna doly düşünmek bilen, Türkmenistan iki goňşy ýurduň we Günorta Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda birnäçe iri infrastruktura taslamalarynyň ençemesiniň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýär.

Taraplar Owganystanyň hem-de onuň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdiler. Duşuşyk açyk hem-de işjeň ýagdaýda geçirildi.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi.

Duşuşykda owganara gepleşikleriniň ilerledilmegine aýratyn seredildi. Gepleşikler şu ýylyň sentýabr aýynda Doha şäherinde başlandy. R.Meredow türkmen tarapynyň gepleşikleriň indiki tapgyrlarynyň geçirilmegi üçin syýasy giňişligini bermäge taýýarlygyny tassyklady.

Taraplar dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy barada gürrüň etdiler. Şu nukdaýnazardan, hususan-da, Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga degişli pikir alyşmalar boldy.