Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” atly nobatdaky ministrler mejlisine gatnaşdy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, onlaýn gepleşiklere Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada we golaýdaky sebitlerde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň çökgünlikleriň öňüni almak hem-de olaryň ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen döredilen halkara maksatnamalaryna, gaznalaryna we taslamalaryna gatnaşmagyny güýçlendirmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy.
Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilim, ylym, medeniýet, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda, COVID-19 pandemiýasyny hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmekde gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” derejesindäki 16-njy ministrler mejlisiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Bu resminamada parahatçylygy döredijiligiň hem-de halkara gatnaşyklarda ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde bitaraplyk syýasatynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Hususan-da, ministrler Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň orny» atly halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyjyny goldadylar.
Ministrler mejlisine gatnaşyjylar şeýle hem BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň döredilmegini goldadylar. Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurtlary hem onuň agzasy bolup durýar.