Türkmen kompaniýasy “Mebato” haryt nyşanly köýnek önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy “Mebato” haryt nyşanly köýnek önümçiligini ýola goýdy
“Mebato” haryt nyşanly köýnekler 100% pagta hem-de 80% pagta-20% poliester gatnaşygynda öndürilýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän “Toýly anna” hususy kärhanasy “Mebato” haryt nyşany bilen erkekler üçin köýnek önümçiligini ýola goýdy.

Kompaniýanyň satyş bölüminiň ýolbaşçysy Ýagmyr Hanowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatyna görä, önümçilik kärhanasynda gurnalan Italiýanyň we Türkiýäniň döwrebap tikin enjamlary günde 2 müň sany köýnek öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Biziň kärhanamyzda işler türkiýeli işewürler bilen bilelikde alnyp barylýar. Kärhanamyzda dört sany bölüm hereket edip, bu ýerde köýnek bilen bir hatarda balak, çaga egin-eşikleri we erkekler üçin içgi geýimler öndürilýär. Şeýle-de edara-kärhanalaryň sargytlary boýunça önümleri öndürmäge hem mümkinçilik bardyr” diýip, Hanow belledi.

Önümçilik üçin çig mal ýurdumyzyň Ruhabat dokma toplumyndan, şeýle hem Türkiýeden getirilýär. Köýnekler 100% pagta hem-de 80% pagta-20% poliester gatnaşygynda öndürilýär.

Hanowyň aýtmagyna görä, geljekde kompaniýa çig pagtany hem özünde gaýtadan işlemegi, şeýle hem güýz we gyş pasyllary üçin egin-eşikleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, kärhanada öndürilýän önümleri GDA, Ýewropa döwletlerine hem-de ABŞ eksport etmek göz öňünde tutulýar.

2017-nji ýylda esaslandyrylan “Toýly anna” hususy kärhanasynda häzirki wagtda 150-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa geljekde hem täze iş orunlaryny döretmegi meýilleşdirýär.