Türkmenistan we Owganystan serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Owganystan serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmagy maslahatlaşdylar
Mejlisde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek bellenildi.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde ýekşenbe güni onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlise türkmen tarapyndan Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Owgan tarapyndan suw serişdeleri ministriniň tehniki meseleler hem-de suwy kadalaşdyrmak boýunça orunbasary Waýs Ahmad Baseri gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda Amyderýa hem-de Murgap we Tejen derýalarynyň suwlaryny ylalaşykly peýdalanmak boýunça iki ýurduň degişli edaralarynyň özara gatnaşyklary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, bu meseläniň zerurlygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we senagat üçin, elektrik energiýasyny öndürmek, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmeleriniň derýalar bolup durýandygy bilen baglydyr. Olar serhetüsti geçýän Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek derýalarydyr.

Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda halkara hukugynyň düzgünlerine laýyklykda hem-de taraplaryň bähbitleriniň özara nazara alynmagynyň esasynda serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we ösdürmek barada bellediler.

Mejlisiň jemleri boýunça taraplar degişli teswirnama gol çekdiler.

2022