Türkmenabadyň guşçulyk toplumynda günde 45 müň ýumurtga alynýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň guşçulyk toplumynda günde 45 müň ýumurtga alynýar
Türkmenabat kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň guşçulyk toplumynyň 140 müňden gowrak towuk idetmäge mümkinçiligi bardyr.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat kooperatiw daşary söwda kärhanasynyň guşçulyk toplumynda şu günler 65 müň towukdan her günde 45 müň ýumurtga alynýar.

“Türkmen gündogary” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, bu toplum welaýat alyjylar jemgyýetine degişli ýeke-täk guşçulyk toplumydyr. Bu ýerde towuklar, her biriniň uzynlygy 100 metrden hem geçýän, Türkiýe, Germaniýa ýaly döwletlerden getirilen döwrebap enjamlar oturdylan keteklerde idedilýär.

Toplumyň towuk idedijisi Bahram Egemberdiýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda iki ketekde 65 müň çemesi towuk bar. Eger ketekleriň üçüsi hem doly bolsa, olaryň sany 140 müňden hem geçýär.

“Ketekleriň her birinde uzynlygy 100 metre golaý hatarlaryň 10-a golaýy bar. Olarda hem towuklar basgançakda idedilýär. Günüň dowamynda bäş gezek iýmitlendirilýän towuklaryň hersi günde 115-den 120 grama çenli iým iýýär. Şeýlelik-de, gündelik 7-8 tonna iými ýetişdirip durmaly bolýar” diýip, Egemberdiýew belleýär.

Guşçulyk toplumynda towuklary iýmlemek, suw bermek ýaly işler doly awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar.

Geljek ýylyň mart aýynda açylyp, ulanmaga berlenine bäş ýyl boljak guşçulyk toplumynda häzirki wagtda 35 hünärmen zähmet çekýär.