Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna garaldy
Türkmenistanyň Prezidenti we ýaponiýaly diplomat özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ýaponiýaly diplomat döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar we wekiliýetleriň alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, iri senagat toplumlarynyň – Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň, Balkan welaýatynda, Garabogazda karbamid dökünlerini çykarýan kärhananyň, Gyýanlyda polietilen hem-de polipropilen öndürýän toplumyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjyny öndürýän zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyny, şeýle hem Lebap welaýatynda täze döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Türkmenistan Ýaponiýa bilen haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy, göni işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegi, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, energetika, nebit hem-de gazhimiýa, ulag we logistiki ulgamlary hem-de beýleki geljegi uly pudaklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýaponiýaly diplomat ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz we ýaponiýaly diplomat Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletli strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklara berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.