Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde çarşenbe güni onlaýn görnüşde BMGÖM-niň hem-de halkara maliýe edaralarynyň tejribeleri we seljermeleri esasynda milli gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de gazna biržasyny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki maglumat beriş mejlisi geçirildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we ministrligiň bu ugurdaky degişli wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) bilermenleri bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesi baradaky tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri Türkmenistanda maýa goýum bazarynyň hem-de gazna biržasynyň ösüşi babatda milli garaýyşlar hakynda belläp geçdiler.
Foruma gatnaşyjylar bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň maliýeleşdirmegiň sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, maýalary dolandyryş we töwekgelçilikleri öňünden duýduryş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, telekeçilik ulgamyny ösdürmekden, banklaryň düşewüntliligini kämilleşdirmekden ybaratdygyny nygtadylar.