Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny iberdi.
TDH-nyň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz gutlagynda Türkmenistanyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini hem-de däp bolan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleriniň esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belleýär.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Jozef Baýdene berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde ABŞ-nyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.