“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bank hyzmaty hakyndaky şertnama boýunça we gurujynyň ýazmaça arzasy esasynda ýörite bank hasaby her bir ýaşaýyş jaýy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde karz edarasynda açylýar.
Gurujynyň paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň hakyky bahasynyň maliýeleşdirilmegi karz edarasy tarapyndan paýçylaryň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda, ýörite bank hasabyna geçiren pul serişdeleriniň hasabyna hakyky ýerine ýetirilen işleriň möçberlerini tassyklaýan resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ýatyrylanda, paýçylaryň pul serişdeleri gaýtarylyp berilýärmi?
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ýatyrylanda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga esaslar ýüze çykan halatynda, paýçylaryň ýörite bank hasabyna geçiren pul serişdeleri karz edarasy tarapyndan degişli resminamalaryň esasynda öz eýelerine gaýtarylyp berilýär.
Ýokarda görkezilen resminamalaryň sanawy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýär.
Paýly gurluşyk amala aşyrylýan mahalynda, onuň bilen bagly nähili çäklendirme bar?
“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, gurujynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar, ýygymlar (paçlar) we beýleki hökmany tölegler boýunça bergisi emele gelen halatynda, gurujy degişli bergisini üzýänçä täze paýçylaryň pul serişdelerini çekmäge haky ýokdur.
Taslama beýannamasy diýlip nämä düşünilýär?
Taslama beýannamasy gurujy we gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlary özünde jemleýär.
Taslama beýannamasyna üýtgetmeler girizilen halatynda, gurujy ol üýtgetmeler barada üç iş gününiň dowamynda paýçylara habar bermäge borçludyr.
Gurujy tarapyndan taslama beýannamasyna bildirilýän talaplar bozulan halatynda, paýçy geleşigi hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda talap arzasy bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
Taslama beýannamasynyň asyl nusgasynyň saklanylmagy gurujy tarapyndan amala aşyrylýar.
Çeşme: "Rysgal" gazeti, 30.11.2020 ý.