Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Owganystanyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallasy esasynda gurulýan Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda şenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, iki döwletiň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmak hem-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara syýasatynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň başynda halkara energetika magistraly bolan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy başlanar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga bermäge taýýar edildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çeken bu ulgamy Owganystanyň aragatnaşyk ulgamyny Hyrat-Akina ugruna birleşdirmäge ýardam eder.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Owganystanyň hünärmenleriniň bilelikdäki tagallasy esasynda gurulýan Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Prezident Mohammad Aşraf Gani halkara syýasy giňişliginde Owganystana pugta we yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hususan-da, 2020-nji ýylyň 23-24-nji noýabrynda Ženewada geçirilen Owganystan boýunça halkara maslahatynyň barşynda türkmen tarapynyň eýeleýän işjeň ýörelgesi nygtaldy.

TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistandan owgan ugruna demir ýolunyň çekilmegi ýaly taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň anyk maliýe we maddy taýdan goşýan goşandy nygtaldy.

Şeýle hem goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde bina eden metjidiniň ýakyn wagtda açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda ýakyn wagtda ýurdumyzdan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana lukmançylyk we dermanlyk serişdeleriniň, azyk önümleriniň, dokma we hojalyk harytlarynyň iberiljekdigini belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary ählumumy gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdine ylalaşykly we bir bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurt Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

2022