Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň ýygnagynda 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Owganystan Yslam Respublikasyndaky Mazary-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklaryny Baş konsullyklaryna öwürmek barada degişli kararlara gol çekdi.
Resminamalara Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran “Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen gol çekildi.
Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawlaryny tassyklap, degişli Karara gol çekdi.
Gol çekilen resminamalara laýyklykda, Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde kararlardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.