Türkmenistanda milli messenjer programmasy we elektron poçtasy işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda milli messenjer programmasy we elektron poçtasy işe girizildi
Tmchat programmasynyň kömegi bilen tekst habarlaryny we suratlary iberip hem-de audio we wideo jaňlaryny, toparlaýyn söhbetdeşlikleri amala aşyryp bolýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi şenbe güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara sergisiniň çäklerinde onlaýn aragatnaşygy saklamak üçin niýetlenilen “Tmchat” atly täze milli messenjer programmasynyň hem-de “Sanly.tm” atly täze milli elektron poçtasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

Milli messenjer programmasy Android we iOS platformalary üçin üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeter bolup, ulanyjylar ony aňsatlyk bilen “Play Store” we “App Store”-dan ýükläp alyp bilerler.

Tmchat programmasynyň kömegi bilen tekst habarlaryny we suratlary iberip hem-de audio we wideo jaňlaryny, toparlaýyn söhbetdeşlikleri amala aşyryp bolýar. Täze programmany ulanmak üçin ulanyjy telefon belgisiniň üsti bilen hasaba alynmalydyr.

“Sanly.tm” atly täze elektron poçtasy häzirki zaman sanly poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bir ulanyja berilýän elektron poçtasynyň göwrümi 1 gigabaýta deňdir.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanlaşdyrmagy işjeňleşdirmek, ähli ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, Internet hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek işine kanunçylyk taýdan goldaw bermek babatda wezipeleri ýerine ýetirýän döwlet agentligidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022