Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň täze ilçisini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň täze ilçisini kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmalyny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlar görkezildi. Şeýle hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hem-de bilelikdäki möhüm düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Iki döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk babatda amatly ýerleşmeginiň täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça sebit taslamalaryny amala aşyrmak üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda ilçi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna oňyn täsir edýändigini aýratyn nygtady.

Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň uly orny bellenildi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga kömek eder hem-de sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmal iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň dowamynda kemala gelen mizemez dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022