Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy täze derejä çykdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy täze derejä çykdy
Söhbetdeşler soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna ösüşiň kuwwatly depgininiň mahsus bolandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşini GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de 2020-nji ýylda Özbegistanyň bu düzümde üstünlikli başlyklyk edendigini nygtady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew jemlenip barýan ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçendigini, onuň Garaşsyzlygyň sütünlerini hem-de dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edendigini belledi.

Söhbetdeşler umumy tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna ösüşiň kuwwatly depgininiň mahsus bolandygyny, munuň bolsa olary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berendigini nygtadylar.

Taraplar söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine özara gyzyklanmany tassyklap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem doganlyk halklarymyzyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk hem-de ähli asylly başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

 
2022