Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi ýylyň başyndan bäri ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän nah ýüplükleriniň 3037 tonnasyny öndürdi.
“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada her günde 12 tonnadan gowrak önüm öndürilýär.
Ýokary hilli önümleriniň aglaba bölegi Türkiýe, Polşa, Russiýa we beýleki daşary ýurtlara eksporta ugradylýar. Ýakynda olaryň hataryna Katar döwleti hem goşuldy we önümleriň nobatdaky tapgyry ugradyldy.
Türkmen nah ýüplükleri BAE-niň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şeýle-de dokma önümleri ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýörgünli harytlaryň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň dokma senagatynyň 80-den gowragy çig maly gaýtadan işleýän kärhanalary bolup, olar önümleriň 55%-den gowragyny daşary ýurda eksport edýär. Şeýle-de bu pudakda 26 müňe golaý adam zähmet çekýär.