Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Duşuşygyň barşynda S.Lawrow Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna Russiýa-Türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde goşýan goşandy üçin hoşallygyny bildirdi. (Surat: RF-iň Türkmenistandaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew çarşenbe güni Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

B.Mätiýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna täze ýyl gutlaglaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda S.Lawrow Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna Russiýa-Türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde goşýan goşandy üçin hoşallygyny bildirdi. Ministr dünýäde pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmelere garamazdan taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamagy başarandygyny nygtady.

Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Aleksandr Blohiniň geçen hepde geçiren brifinginde aýtmagyna görä, iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşyk ýylyň ahyryna çenli 1 milliarda golaýlar.