“2020-nji ýylyň iň gowy söwda kärhanasy” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“2020-nji ýylyň iň gowy söwda kärhanasy” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi
Bäsleşikde ýurdumyzyň welaýatlary boýunça 1-nji orna Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Çärjew etrap alyjylar jemgyýeti mynasyp görüldi.

Söwda toplumynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda ministrligiň ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän edara-kärhanalarynyň arasynda yglan edilen “2020-nji ýylyň iň gowy söwda kärhanasy” atly bäsleşigiň welaýatlar boýunça jemleri jemlenildi.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, bäsleşikde ýurdumyzyň welaýatlary boýunça 1-nji orna Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Çärjew etrap alyjylar jemgyýeti mynasyp görüldi.

2-nji orna degişlilikde Ahal welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Bäherden etrap alyjylar jemgyýeti hem-de Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşigi mynasyp görüldi. Bäsleşikde Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Esenguly etrap alyjylar jemgyýeti we Daşoguz welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Daşoguz şäheriniň Daşoguz lomaý söwda bazasy 3-nji orna eýe boldular.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, welaýatlar boýunça ýeňiji bolanlara gymmatbahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň geçýän döwründe emin agzalar topary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň welaýatlarda hereket edýän oba, etrap alyjylar jemgyýetlerine, önümçilik we söwda kärhanalaryna hem-de azyk, senagat harytlarynyň söwdasyny alyp barýan, jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryna, önümçilik kärhanalaryna, bazarlara, lomaý we bölek söwda kärhanalaryna aýlanyp gördüler.