Türkmenistan we Russiýa parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýa parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşdylar
Taraplar parlamentleriň dostluk toparlarynyň ornuny nygtap, iki dostlukly ýurduň deputatlar toparlarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramagyň zerurdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda duşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň hem-de hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň daşary syýasy strategiýasynyň baş ugurlarynyň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi.

W.Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň parlamentleriň derejesindäki aragatnaşyklary ösdürmäge berýän ägirt uly ähmiýeti netijesinde, bu gün GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň çäklerinde özara ýakyn gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Parlamentleriň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmäge hem-de däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy hem-de wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlamentleriň dostluk toparlarynyň ornuny nygtap, iki dostlukly ýurduň deputatlar toparlarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramagyň zerurdygyny bellediler.

2022