Azerbaýjan Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa gaz ugradyp başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan Günorta gaz geçelgesiniň üsti bilen Ýewropa gaz ugradyp başlady
Uzynlygy 3500 km bolan gaz geçirijisiniň umumy bahasy 40 milliard dollar töweregi bolup, taslama Hazar deňzindäki Şah Deňiz gaz ýatagynyň işlenilmegini hem öz içine alýar. (Surat: TAP AG)

2020-nji ýylyň soňky güni Azerbaýjan Günorta gaz geçelgesiniň (SGC) bir bölegi bolan Trans Adriatik gaz geçirijisiniň (TAP) üsti bilen Ýewropa bazaryna ilkinji gezek gaz ugratdy. Bu barada Azerbaýjanyň “SOCAR” milli nebit kompaniýasyna salgylanyp, “Associated Press” şenbe güni habar berdi.

Azerbaýjanyň “SOCAR” kompaniýasy, Britaniýanyň BP transmilli kompaniýasy we Italiýanyň “Snam” kompaniýasy ýaly iri nebit-gaz kompaniýalardan ybarat bolan TAP konsorsiumy 878 km gaz geçirijisiniň taslamasyna 5 milliard ABŞ dollary töweregi maýa goýdy. Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň we Hytaýyň banklary Ýewropa banklary bilen bilelikde 3,9 milliard ýewro (4,8 milliard ABŞ dollary) barabar bolan maliýe serişdesini gönükdirdi. TAP Gresiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky serhediň üsti bilen Italiýanyň günortasyna çenli uzaýar.

TAP gaz geçirijisi Azerbaýjanda, Gruziýada, Türkiýede, Gresiýada, Albaniýada we Italiýada üç aýry gaz geçiriji taslamany öz içine alýan Günorta gaz geçelgesiniň bir bölegidir. Uzynlygy 3500 km bolan gaz geçirijisiniň umumy bahasy 40 milliard dollar töweregi bolup, taslama Hazar deňzindäki Şah Deňiz gaz ýatagynyň işlenilmegini hem öz içine alýar.

“Nikkei Asia” žurnalynyň geçen çarşenbe güni habar berşi ýaly, ýakynda durmuşa geçirilen taslamanyň Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan ýaly energiýa serişdelerine baý bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň gyzyklanmasyny gazanjakdygy çak edilýär, çünki bu gaz geçirijisi Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär.

Gaz geçirijisiniň ilkibaşdaky ýyllyk geçirijilik kuwwatynyň 10 milliard kub metr gaz bilen çäklendirilýändigine garamazdan, taslama laýyklykda geljekde bu görkezijiniň iki esse artdyrylmagy hem göz öňünde tutulýar.

“SOCAR” kompaniýasynyň wise-prezidenti Elşad Nasirowyň “Nikkei Asia” žurnalyna aýtmagyna görä, Günorta gaz geçelgesiniň kuwwatyny goşmaça kompressor beketlerini gurmak arkaly ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik bar.

E.Nasirow täze gaz geçelgesiniň kuwwatlylygyndan dolulygyna peýdalanmak üçin, Merkezi Aziýa we Gündogar Ortaýer deňzi ýaly beýleki sebitleriň ýurtlarynyň hem bu taslama gatnaşmagyna garaşýar.

“2018-nji ýylda Hazarýaka döwletleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi sebitiň döwletlerine deňizde täze gaz geçirijileri gurup, Günorta gaz geçelgesine birikmek üçin mümkinçilikleri berýär” diýip, Nasirow belledi. Bu işleri amala aşyrmak üçin daşky gurşawy bahalandyrmak boýunça garaşsyz hasabatyň taýýarlanylmagy ýeterlik bolup durýar.

“Hazarýaka döwletleri, ýagny Türkmenistan, Gazagystan we [kenarýaka döwleti bolmadyk] Özbegistan täze bazarlara çykmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirýärler. Netijede, ýakyn ýyllarda sebitiň ýurtlary tarapyndan iberilýän gazyň möçberleriniň artmagyna garaşylýar,” diýip, Nasirow täze ugur boýunça gazyň iberilmegine beýleki taraplaryň hem goşulmagyna umyt bildirdi.

“Türkmenistan Azerbaýjandan bary-ýogy 300 km aralykda ýerleşýär,” diýip Nasirow belledi.

TAP gaz geçirijisiniň ugruny has-da giňeltmek we gaz geçirijilik kuwwatyny 20 milliard kub metre çenli artdyrmak babatynda bazar mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça barlaglaryň ikinji tapgyryna 2021-nji ýylyň tomsunda badalga berler.