Türkmenistan we ABŞ-nyň maliýe korporasiýasy maýa goýum gaznasynyň döredilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ABŞ-nyň maliýe korporasiýasy maýa goýum gaznasynyň döredilmegini maslahatlaşdylar
Gepleşikleriň dowamynda esasan-da Merkezi Aziýanyň ösüş gaznasynyň (C5 Fund) döredilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. (Surat: ORIENT.tm)

Türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (DFC) ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkeriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi. Bu barada “ORIENT.tm” sişenbe güni habar berdi.

Türkmen tarapyndan gepleşige Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda esasan-da Merkezi Aziýanyň ösüş gaznasynyň (C5 Fund) döredilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Biziň pikirimizçe, şunuň ýaly gaznany döretmegiň mümkinçilikleri, esasan-da iri taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde sebitiň ösüşi üçin derwaýysdyr we möhümdir,” diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow belledi.

M.Serdarowyň aýtmagyna görä, gaznanyň döredilmegi senagat we ulag infrastrukturasyny, oba hojalygy ösdürmekde we innowasion çözgütleri ulanmakda ileri tutulýan taslamalary işläp düzmek üçin oňyn binýat döreder.

Kaleb Makkerri ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň alyp barýan işleri barada gysgaça gürrüň berip, hususy pudaga berilýän goldaw barada jikme-jik durup geçdi. Makkeriniň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýanyň ösüş gaznasy ösüşe gönükdiriljek maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berer. Bu maýa goýumlary bolsa sebitde ykdysady üstünlikleri gazanmak üçin binýat bolar. Geňeşçiniň belleýşi ýaly, maliýeleşdiriş taslamalarynyň ählisini hususy taraplar amala aşyrar. Şeýle hem, diňe bir aýratyn döwletiň bähbidine däl-de, tutuş sebitiň gülläp ösmegine ýardam berjek taslamalar göz öňünde tutular. Mundan başga-da, gaznanyň guramaçylyk işleri, maliýe çeşmeleri we esaslandyrylmagynyň möhletleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysy Rahymberdi Jepbarow öz gezeginde, amerikan korporasiýasyna Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasynyň döredilmegine gatnaşmagy teklip etdi. Kaleb Makkerri korporasiýanyň adyndan şeýle gaznanyň döredilmegine gyzyklanma bildirdi.