Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani şenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi.
Owganystanyň Prezidentiniň diwanynyň metbugat beýanatyna görä, taraplar dürli ugurlarda we sebitleýin taslamalarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe meseleleri, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisini we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri we owgan talyplarynyň Türkmenistanda okamak mümkinçilikleri bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.
Prezident Aşraf Gani Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary barada belläp geçdi. Şeýle-de, ol söwda, üstaşyr geçelgeler, ykdysadyýet we syýasy ugurlarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow Türkmenistanyň hökümetiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge maksat edinýändigini aýtdy. Ol owgan hökümetiniň sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan garaýşyny, şeýle hem Owganystanyň Prezidentiniň ýurtda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.
R.Meredowyň aýtmagyna görä, şu ýyl Owganystanda birnäçe uly taslamalaryň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Ministr türkmen böleginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanandygyny we Owganystan böleginde gurluşygy ýola goýmak üçin zerur işleriň geçirilýändigini aýtdy.
Prezident Aşraf Gani sebitleýin ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň owgan hökümeti üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem, Owganystanyň Türkmenistandan import edilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak isleýändigini aýtdy.
Prezident Gani howpsuzlyk, ykdysadyýet we syýasat ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek meselesine ünsi çekip, “Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň sebitde parahatçylyga we durnuklylyga alyp barjakdygyny” hem belledi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri şenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli ylalaşdyryş Ýokary geňeşiniň başlygy doktor Abdulla Abdulla bilen hem duşuşyk geçirdi.