Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde şenbe güni Beýik Britaniýanyň Halkara söwda ministrliginiň hünärmenleri bilen TSTB-niň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlis geçirildi.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ekerançylyk, maldarçylyk, balykçylyk pudaklarynda biotehnologiýanyň we genetikanyň gazananlaryna aýratyn ähmiýet berildi.
Mejlisiň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen telekeçileriniň obasenagat toplumynda alyp barýan işleri, munuň üçin döredilýän şertler we öňde goýlan wezipeler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda döwrebap toplumlarda, giň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyň miweleri görkezildi.
Bulardan başga-da, mejlisde ylmy esasda, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, serişde tygşytlaýjy hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalaryň birnäçesi, bu ugurda gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegine döredilýän şertlere ýokary baha berdiler.