Türkmenistan we Azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegi boýunça resminama gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň özleşdirilmegi boýunça resminama gol çekdiler
Resminamanyň gol çekiliş dabarasy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Orient")

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow penşenbe güni Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew wideo konferensiýa arkaly taryhy resminama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanlary öz çykyşlarynda bu resminamanyň gol çekilmegi bilen häzirki zaman türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary “Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk Jarnamasyna” gol çekdiler.

2022