Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistana saparyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistana saparyny amala aşyrdy
Iki ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýeti çarşenbe güni Türkmenistana iki günlük sapar bilen geldi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet neşiri habar berýär.

Saparyň çäginde Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Şeýle hem J.Baýramow türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň netijeliligini aýratyn bellediler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň sebit we halkara formatlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň döwrebap awtoulag, demir ýol we deňiz infrastrukturasyna eýe bolan ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda (Lapis Lazuli) Ylalaşygyň wajyplygy barada aýratyn bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, taraplar ulag we aragatnaşyk ulgamynda döredilen özara hereketleriň üçtaraplaýyn hökümetara formatynyň çäklerinde Lapis Lazuli geçelgesiniň mümkinçilikleriniň berkidilmegine itergi bermäge meýillidirler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022