Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Toýly” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda “Markow” haryt nyşanly kofe önümleriniň önümçiligine başlady.
Kompaniýanyň önümçilik sehiniň ýolbaşçysy Ogulbagt Baýramdurdyýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kärhanada dürli görnüşli ýokary hilli kofe önümleri öndürilip, olaryň çig mallary Indoneziýa, Braziliýa, Wýetnam, Malaýziýa, Awstraliýa, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär.
Hojalyk jemgyýeti “Markow” haryt nyşanly klassyky, kapuçino, moka, funduk, latte tagamly (1-de 3) kofeleri, ereýän sublinirlenen kofeleri, nespresso kapsula kofeleri, üwelen espresso kofeleri we gowurylan kofe däneleri öndürýär.
Kärhana Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
“Import edilýän harytlaryň ornuny tutmak we eksport etmek, şeýle-de halkymyzy ýokary hilli kofeleri elýeter nyrhlarda üpjün etmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar” diýip, Ogulbagt Baýramdurdyýewa belledi.
Kompaniýa geljekde kofe önümleriniň 30-dan gowrak görnüşini öndürmegi we Ýewropa, GDA hem-de Pars aýlagynyň ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu ugurda “Toýly” hojalyk jemgyýeti eýýäm degişli işleri geçirmeklige başlady.
Kofe önümleriniň ähli görnüşlerini öndürmäge ukyply bolan bu kärhana doly kuwwatynda işläp başlanda 250 hünärmeniň zähmet çekmegine mümkinçilik berer.