Türkmen nebitiniň Russiýanyň portlaryndan üstaşyr geçirilmegi azalar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nebitiniň Russiýanyň portlaryndan üstaşyr geçirilmegi azalar
Türkmenistan Russiýanyň portlary arkaly nebiti yzygider eksport etmekde ikinji ýerde durýar.

Türkmenistan, Gazagystan we Azerbaýjan ýanwar aýy bilen deňeşdirilende fewral aýynda Ýewropanyň “Transneft” portlaryndan nebit eksportyny azaldarlar. Bu barada “Интерфакс” agentligine salgylanyp “ORIENT.tm” habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, fewral aýynda Gazagystandan, Türkmenistandan we Azerbaýjandan ugradylýan nebitiň möçberi 4,625 million tonna barabar bolup, bu görkeziji ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 29% pesdir.

Rus kompaniýalary hem “gara altynyň” eksportyny azaldarlar. Habara görä, Ýewropanyň “Transneft” portlaryndan Russiýanyň kompaniýalary tarapyndan fewral aýynda eksportyň möçberiniň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 34% we 3,36 million tonna çenli azalmagyna garaşylýar.

Rus bilermenleri Russiýadaky bu ýagdaýy ýurduň içindäki ýangyjyň lomaý bahalarynyň ýokarlanmagy sebäpli nebit öndürýän kompaniýalaryň harytlaryny eksport etmegiň deregine nebiti gaýtadan işleýän zawodlara gönükdirmäge taýýarlyk görýändikleri bilen düşündirýärler. “Kommersant” gazetiniň habar berşi ýaly, meýilnama laýyklykda fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Ýewropa böleginiň portlaryndan ugradylýan nebit eksportynyň möçberleri ýanwar aýy bilen deňeşdirilende üçden bir esse kemeldiler.

Russiýanyň Energetika ministrligi birnäçe wagtdan bäri nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri alyp bardy. “Kommersant” gazetiniň maglumatlaryna görä, indi çig nebitiň ýurt içinde gaýtadan işlenilmegi nebit kompaniýalary üçin girdejili boldy.

Türkmenistan Gazagystandan soň Russiýanyň portlary arkaly nebiti yzygider eksport etmekde ikinji ýerde durýar.