BAE-niň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň hatlary gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE-niň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň hatlary gowşuryldy
Hatlar BAE-nyň premýer-ministriniň orunbasary, BAE-nyň Prezidentiniň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýana gowşuryldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Şeýh Halif bin Zaýed Al Nahaýana we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatlary gowşuryldy.

Hatlarda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dünýädäki we sebitdäki iki tarap üçin gyzyklanma döredýän soňky wakalaryň meselelerine degip geçilýär. Bu barada BAE-niň resmi habar beriş serişdeleri habar berdi.

Hatlar Abu-Dabidäki Kasr al-Watan Prezident köşginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen geçirilen duşuşygyň barşynda premýer-ministriň orunbasary, BAE-nyň Prezidentiniň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýana gowşuryldy.

Duşuşygyň barşynda B.Mätiýew Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şeýh Mansura iberen hatyny gowşurdy.

Taraplar BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, şol sanda energiýa pudagynda birnäçe maýa goýum meselelerine, şeýle hem iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiligine garadylar.

Duşuşyga BAE-nyň energetika we infrastruktura ministri Suhaýl bin Muhammet Al Mazrui hem gatnaşdy.

Saparyň dowamynda B.Mätiýew BAE-nyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan bilen hem duşuşdy. Diplomatlar dünýäde COVID-19-a garşy göreş we iki ýurduň ykdysadyýet, medeniýet, oba hojalygy we saglyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022