Türkmen teleradio ýaýlymlary hojalyk hasaplaşygyna geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen teleradio ýaýlymlary hojalyk hasaplaşygyna geçer
Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz tele we radioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

“Häzirki döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sanly tehnologiýalaryň, elektron neşirleriň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi ähmiýetli habarlary dünýäniň maglumat giňişliginde gyssagly ýerleşdirmek üçin wajypdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, teleradioýaýlymlar babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine möhüm üns berilmelidigini belledi.  

Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda döredildi. Komitet 7 teleýaýlymy we 4 radio kanallarynyň işini alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022