Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Mejlisiň barşynda käbir edaralaryň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlise ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda käbir edaralaryň işgärlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa “Türkmennebit” döwlet konserni nebit ýataklaryny gözlemek, işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyr, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmelidir diýip tabşyrdy.

Şeýle hem Milli Liderimiz, “Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmelidigini, täze halkara bazarlara çykmagyň logistik mümkinçiliklerini öwrenmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.